Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi
Makalalar
16.02.2024, 18:44
89
0
Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Ulag diplomatiýasy milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän düzüm bölegi bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan sebitde iň häzirki zaman infrastrukturasy bolan ulag merkezine öwrülýär. Ýurdumyzyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulmagy bilen, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolan Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän ýükler ykdysadyýetimiziň ösmeginde, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň pugtalanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Galyberse-de, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy» bu ulgamda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gonan täze iki sany «Boeing 777-300 ER» kysymly täze ýolagçy uçarlary Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üstüni ýetirdi. Şeýle-de 2023-nji ýylda ýurdumyza iki sany «Airbus A330-200 P2F» (Fransiýa Respublikasy) kysymly ýük uçarlary gelip gowuşdy. Olar dürli ugurlar boýunça netijeli ýük daşamalary amala aşyrýarlar. Soňky ýyllarda ýolagçy we ýük gatnawlarynyň möçberi köpeldilip, howa gatnawlarynyň ykdysady görkezijileriniň artdyrylmagy türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ýene-de bir aýdyň şaýadydyr.

Şeýlelikde, Türkmenistan Aziýa — Ýewropa ulag-logistika ulgamynyň altyn halkasyna öwrülýär. Muňa amala aşyrylan hem-de gurluşygy alnyp barylýan, şeýle-de meýilleşdirilýän taryhy taslamalar şaýatdyr. Beýik Hytaý diwarlaryndan gaýdýan ýük otlulary Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly arkaly Ýewropa ýurtlaryna, Pars aýlagynyň üsti bilen, arap ýarymadasyndaky döwletlere barýar. Şeýle-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük geçirijilik, logistika ukybynyň geçen ýyl has ýokarlanandygyna anyk statistik maglumatlar şaýatdyr. Şunlukda, Hazar deňzinden Kawkaz döwletlerine, Türkiýä, Ýewropa ýurtlaryna gatnadylýan ýükleriň möçberi ýylsaýyn köpelýär. Ylaýta-da, «Lazurit geçelgesi» ady bilen taryha giren Owganystan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Kawkaz — Ýewropa ugry boýunça logistiki hyzmaty amala aşyrmakda «Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi» diýlip atlandyrylýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti aýdyň ýüze çykýar. 

Begenç Orazdurdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0