Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary Germaniýada iş saparynda boldular

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary Germaniýada iş saparynda boldular
Makalalar
14.03.2024, 17:13
109
0
14.03.2024ý.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary Germaniýada iş saparynda boldular

Halkymyz gurmagy, döretmegi iň bir haýyrly iş hasaplaýar. Çünki, gurmak, bina etmek geljegi nazarlaýan maksatly iş bolup durýar.  Sebäbi her bir gurlan desga, bina halkymyza hyzmat edýär. Bu günki gün dünýä ulňülerine laýyk gurulýan jemgyýetçilik desgalary, bilim edaralary agzybir halkymyzyň, bagtyýar ýaşlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar.

2023-2024-nji täze okuw ýylynda binýady tutulan ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy uly orun alýar.

Geljekki ykballaryny ýurduň gurluşyk ulgamy bilen baglan türkmen halky ökde hünärmen edip ýetişdirmekde uly tagallalary edýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda ösen dünýä ýurtlarynyň, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak maksady bilen, ýakynda ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary Germaniýa iş saparyny amala aşyrdylar. Iş saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti halkara hünärmenler bilen pikir alyşyp, halkara ölçeglere, dünýä standartlaryna, senagat ülňülerine doly laýyk gelýän  sanly tehnologiýalar we olaryň ýerine ýetirýän işleri bilen ýakyndan tanyş boldular.

Ýeri gelende bellesek, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasy bolup, ol 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Institutyň täze binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle bilim edaralarynyň sanynyň barha artýandygy ýurdumyzda bilim ulgamynyň geriminiň barha giňeýändigini subut edýär. 

Mährijemal Gylyjowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0