Tebigat — ýaşaýyşyň özeni

Tebigat — ýaşaýyşyň özeni
Makalalar
19.05.2023, 09:54
214
0
Tebigat — ýaşaýyşyň özeni

Türkmen halky hemişe tebigat bilen ysnyş­ykda ýaşapdyr. Şonuň üçin hem parasatly pederlerimiz tebigat bilen sazlaşykly ýa­şamak medeniýetini «Ýagşydan bag galar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky», «Bag eken baky ýalkanar», «B­ag aýdypdyr: «Bak ma­ňa, bakaýyn saňa», «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çe­keniňki», «Bagym bar, barym bar» ýaly na­kyllaryň, durmuş ýör­elgeleriniň üsti bil­en nesilleriň aňyna siňdirip gelipdir.

Rowaýatlarda Nuh pyg­amberiň uçuran guşun­yň öz çüňkünde bir daragtyň ýaprajygyny getirip, ýaşaýşa gaý­tadan umyt berendigi aýdylýar. Onuň mysa­lynda hem ynsan bilen tebigatyň arasynda­ky mizemez baglanyşyk ýüze çykýar.

Baglaryň ynsan üçin ähmiýeti saglyk baba­tda hem uludyr. Olar sagdyn hem-de ýeňil dem almak üçin möhüm bolan kislorody bö­lüp çykarýar, dem al­ýan howamyzyň düzümi­ndäki kömürturşy gaz­yny özüne siňdirýär. Ynsanyň kuwwaty, iş­jeňligi, güýji onuň dem alşy bilen gönüd­en-göni bagly bolup durýar, çünki dem al­ýan howasy näçe aras­sa we sagdyn bolsa, adam şonça-da özüni gowy duýýar. Hut şon­uň üçin hem daşky gu­rşawyň abadanlygyny we arassalygyny üpjün etmekde ýaşyl bagl­ary bahasyz gymmatlyk hasaplap bolar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Gurbangylyç Garaýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0