Täze neşiriň ähmiýeti

Makalalar
Täze neşiriň ähmiýeti
Golaýda “Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” atly neşiriň 15-nji goýberilişiniň çapdan çykmagy bizip üçin ajaýyp ösüşler bilen öňe barýan Garaşsyz diýarymyzyň gysga wagtyň içinde ýeten derejelerine seljerme bermäge, bitirilen işlere buýsanmaga giň mümkinçilik berdi. Kitabyň ilkinji açylyş makalasy bolan “Döretmek syýasaty üstünligiň esasy” atly giňişleýin seljerme häsiýetli makalada döwlet – hukuk we syýasy ulgamy kämilleşdirmekde, ykdysadyýetimizi innowasion-senagat taýdan ösdürmekde, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport-syýahatçylyk ugurlarynda geçirilýän özgertmelerde, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiliginde tutýan täsirli orny öz beýanyny tapýar. Neşiriň bu sanynda 2021-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalaryna giňişleýin syn hem düşündiriş berilýär.
Kitap biziň ýalkymly geljegimiz bolan ýaşlar, olara ylym-bilim berýän okuw jaýlarynyň mugallymlary üçin, tutuş halkymyz üçin, taryhy beýan hem-de durmuşä geçirilen işlere buýsanmakda, ýurdumyzyň dünýäniň ösen derejesine ýetmekde amala aşyrylan belent maksatlary aýdyň beýan etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk bolmak bilen uly ähmiýete eýedir.
Güýçmyrat Gundogdyýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...