Taryhy ähmiýetli wakal­ar — ýaş nesilleriň parlak geljegi

Taryhy ähmiýetli wakal­ar — ýaş nesilleriň parlak geljegi
Makalalar
05.09.2023, 10:21
263
0
Taryhy ähmiýetli wakal­ar — ýaş nesilleriň parlak geljegi

Arkadag Serdarly ba­gtyýar ýaşlar ýylynyň güýz paslynyň ilki­nji güni şanly taryh­ymyza altyn harplar bilen ýazylan wakal­ara baý boldy. Ýurdu­myzda ýokary okuw me­kdepleriniň birbada üçüsiniň — Aşgabatda Türkmen döwlet bin­agärlik-gurluşyk ins­titutynyň, Türkmena­bat şäherinde Seýitn­azar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugal­lymçylyk institutyn­yň täze binalar topl­umlarynyň, Mary şähe­rinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasy­nyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüni tutmak dabarasy geçir­ildi. Şol gün Arkadag şäherinde Aba Ann­aýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýas­y, Berdimuhamet Anna­ýew adyndaky mugall­ymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lu­kmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adynd­aky çagalar sungat mekdebi ýaly döwrebap bilim ojaklary ýaşl­ara gujak açdy. Paý­tagtymyzda Türkmenis­tanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gul­lugy akademiýasynyň binalar toplumynyň açylmagy, Diýarymyz boýunça jemi 13 sany çagalar bagynyň, 19 sany orta mekdebiň we okuw-terbiýeçilik toplumynyň ulanyşa berilmegi ähli ild­eşlerimiziň, şol san­da bilim işgärleriniň baýramçylyk şatly­gyny goşalandyrdy. Bilimler baýramçylygy mynasybetli, Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen ýaşl­arynyň uly hem öňdeb­aryjy toparyny bir döwrä jem eýläp, ýur­dumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary bara­da geçen umumy sapa­gynyň ruhy gymmatyny hiç bir baýlyk bilen ölçäp bolmaýar. Bu watançylyk sapagy täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm we­zipelere, amala aşy­rylmaly beýik işlere ýene-de bir ýola tü­rkmen ýaşlarynyň üns­üni çekmekde, olara bu şöhratly hem asy­lly menzillerde ýolg­örkeziji maslahatlary ýetirmekde, zerur öwüt-ündewleri berm­ekde örän netijeli boldy. Mukaddes Garaş­syzlygymyzyň 32 ýyl­lyk toýunyň öňüsyras­ynda mynasyp sowgada öwrüldi.​

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0