Guramasy

Guramasy
Makalalar
06.07.2023, 01:05
220
0
TÜRKSOÝ guramasy

1993-nji ýylda döredilen TÜRKSOÝ guramasy 30 ýaşady. Mundan 30 ýyl öň, türki dünýäniň ÝUNESKO-sy diýlip atlandyrylan, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň medeniýet ministrleriniň ylalaşygy esasynda TÜRKSOÝ guramasy dünýä indi. Soňra bu başlangyjy goldap, TÜRKSOÝ guramasyna synçy hökmünde Russiýanyň Tatarystan, Başgyrdystan, Altaý, Saha, Tuwa, Hakasiýa respublikalary we Moldowanyň Gaguziýa awtonom respublikasy goşuldy.

Bu gurama öz işini barha kämilleşdirmek bilen türki halklaryň medeni we ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, doganlyk-dostluk gatnaşyklaryň berkemegine täsirini ýetirip, türki medeniýetiň milli gymmatlyklaryny dünýä ýüzüne aýan edip, milli-medeni mirasy geljekgi nesillere ýetirmekde önjeýli iş alyp barýar.

Bu guramanyň her ýylky geçirilýän duşuşyklarynda suratkeşleriň işleriniň sergisi guralyp, edebiýat bilen iş salyşýan döredijilik işgärleriniň duşuşygy gurnalyp, özara pikir alyşmalar esasynda olaryň döredijilik gözýetimleriniň giňelmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda däbe öwrülip bellenilýän medeniýet hepdeliginiň we Arkadag şäheriniň açylyş dabaraly günlerinde TÜRKSOÝ guramasynyň hem döredilen gününiň 30 ýyllygy bilen utgaşyp gitmegi ýagşylyga ýardamçy türkmen halkynyň hem buýsanjyna buýsanç goşdy.

Güljennet Sapargulyýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0