Makalalar

Makalalar
Makalalar
21.12.2023, 21:00
367
0
SUNGAT OJAGYNDA GAZANYLAN ÜSTÜNLIKLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda medeniýet, ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlara döwrebap bilim öwretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylan bilim, ylym özgertmeleri şu günki gün özüniň oňyn netijesini berýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlarymyz milli sungatymyzyň dürli ugurlary boýunça döredijilik işlerini halk köpçüligine ýetirýärler. Sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan talyp ýaşlar milli sungatymyzyň özenine esaslanyp, ýurdumyzyň geljekki ýaş nesillerine ýetirmek üçin halypa mugallymlaryň öwüt-ündewleriniň uly orny bar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda jemgyýeti öwreniş ylymlary boýunça okadylýan dersler ýaşlarymyzyň ýurdumyzda we jemgyýetimizde bolup geçýän özgerişler bilen tanyşmaga giň ýardam berýär. “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynda talyplary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde adam mertebesiniň dabaralanmakda, amaly-haşam sungatyň özboluşlylygyny kämilleşdirmek dogrusynda bilim bermek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bilim ulgamyndaky topluumlaýyn özgertmelerini durmuşa geçirmegi netijeli dowam etdirmek, döwre mynasyp, ýokary derejeli hünärmenleri, ýaş alymlaryň täze neslini kemla getirmek maksady bilen ýokary okuw mekdebimizde “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy” we “Sanly bilim ulgamyny ňsdürmegiň konsepsiýasy” esasynda köp sanly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hereket edýän sanly bilim portalynda okuw derslerine degişli bolan okuw kitaplary, gollanmalary, görkezme esbaplary, wideo şekilleri, täzelikleri yzygiderli ýerleşdirilýär. Akademiýamyzyň resmi web saýtynda talyp ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikeri, döredijilik sergileri, halypa we ýaş mugallymlaryň, talyplaryň dost-doganlyk ýurtlarynda bolan döredijilik saparlary baradaky maglumatlary görmek bolýar. Talyp ýaşlaryň milli we jemgyýetçilik aňynyň dürli görnüşlerini kemala getirýän “Filosofiýa”, “Sosiologiýa”, “Syýasaty öwreniş”, “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” ýaly derslerden pedagogikanyň täze gazanlaryndan ýerlikli peýdalanylyp, okuw sapaklary ýokary derejede gurnalýar. Mugallymlaryň taýýarlamagynda orta we ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlanylýar. Şeýle hem çeperçilik akademiýanyň talyplary “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersi bilen bilelikde beýleki derslerden ýokary okuw mekdepleriniň arasynda we halkara derejesinde geçirilýän onlaýn bäsleşiklerine hem işjeň gatnaşýarlar.

Sungat ojagymyzda bilim alýan ýaş talyplaryň döredijilik eserlerini synlanyňda tomaşaçylary ruhlandyrýar. Talyp ýaşlarymyzyň eserleri Diýarymyzyň gözelligini wasp edýän eserler bolup, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp keşbi şekillendiriş sungaty eserlerinde beýan edilýär. Amaly-haşam sungaty boýunça döredilen milli eserler külalçylykda milli reňkleri ulanmak bilen döwrebap temalary beýan edýärler. Gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslary döwrebap biçüwde biçilen hem bolsa-da, olardaky nagyşlar gadymy däplerini görkezýärler. Milli lybaslarymyzyň ýeňlerindäki we ýakalaryndaky nagyşlar ene-mamalarymyzyň nesilden-nesile geçirip gelýän milli sungatyny görmek bolýar. Ýaňy-ýakynda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyna girizilmegi bizi has hem buýsandyrýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” toý-baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, ahlak we ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň ýaş nesillerimizde ajaýyp gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge, dost-doganlygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigine baýramçylyk dabaralary aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramlara döredijilik işgärleri we talyp ýaşlarymyz özleriniň döredijilik eserleri bilen gatnaşyp, taryhymyzy, gözel tebigatyny, milli gymmatlyklarymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspyny beýan edýän sungat eserlerini döredýärler.

Milli medeniýetimizi, sungatymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmäge, ony dünýä ýüzüne ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Tawus Garajaýewa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0