Sport

Makalalar
Taekwondaçylar baýrakly geldiler.
Biziň bedew bady bilen öňe barýan ýurunyzda durmuşyň dürli ugurlary bilen birlikde sport ulgamy hem dünýäni haýran galdyryjy derejede ösüşlere eýe bolýar. Türgenlerimiz dünýä ýüzünde geçirilýän dürli sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, şahsy hem toparlaýyn çykyşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, türkmen tuguny al-asmanda parladýarlar. Munuň özi sport babatynda döwlet derejesinde ýörite alada edilýändigini aňladýar.
Taekwonda sporty boýunça hem golaýda geçirilen halkara ýaryşynda biziň ildeşlerimiz üstünlikli çykyş edip, gowy netijeleri gazanmagy başardylar. Has takygy maý aýynyň 14-nde Estoniýanyň Tallin şäherinde geçirilen taekwonda ITF boýunça “Balt Gup” halkara ýaryşyna ildeşlerimizem gatnaşdylar. Olar bu ýaryşda şowly çykyş edip, ençeme medal gazanmagy başardylar. Ýaryşyň ilkinji we jemleýji gününde türkmen türgenleriniň 15 sany altyn, 9 sany kümüş we 6 sany bürübç medallara mynasyp bolandyklary habar berilýär. Bizem öz gezegimizde ildeşlerimiziň bu üstünliklerini gutlap, olara ýeneki ýaryşlarda hem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Rejepmuhammet Nurmuhammedow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...