Söz sungatynyň serwe­ri

Söz sungatynyň serwe­ri
Makalalar
13.01.2024, 16:04
176
0
13.01.2024ý.

Söz sungatynyň serweri

Türkmen halkynyň beýik danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny heýjana getirýän, durmuş ýoluna Gün kibi şugla saçýan ajaýyp goşgulary bilen dünýä meşhur şahyrdyr. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary döredijiligiň belent nusgasydyr. Akyldaryň il-günümize miras galdyran şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp baryldy we bu iş dowam etdirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň döredijiligi halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratyn hem, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ruhy-ahlak we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde goşgularynyň ähmiýeti örän uludyr.

Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeniýetimiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halky hemişe beýik akyldara we onuň baý edebi mirasyna uly sarpa goýupdyr. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa, şahyryň şygyrlarynyň halkyň hakydasynda hemişelik orun alandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen edebiýat meýdanynda öçmejek yz galdyran, türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüne çekijidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde: «Magtymguly akyldar halkymyzyň akyl-paýhasa bolan yhlasly ymtylmasyny beýik derejä göterdi» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren watançylyk, mertlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ahlaklylyk ýaly dürli meseleler bilen bagly garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak bilen baglanyşykly tutumly işler amala aşyrylýar. Şahyryň umumadamzat ruhy-medeni hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň ençemesinde okalýar. Bu ajaýyp şygyr bossanlary iňlis, rus, ukrain, nemes, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, fransuz, ýapon, hytaý, türk we beýleki birnäçe dillerde çap edildi. Dünýä belli Gündogary öwreniji alymlar we akyldarlar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp, gymmatly maglumatlary topladylar hem-de birnäçe ylmy işleri çap etdiler.

Saparly Çarlyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0