Şanly wakalara beslenýän ýyl

Şanly wakalara beslenýän ýyl
Makalalar
20.04.2024, 19:25
56
0
20.04.2024ý.

Şanly wakalara beslenýän ýyl

  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden merdana halkymyzyň durmuşynda ençeme taryhy wakalar bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çekmegi bilen, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmegi, onda beýan edilen wezipeler bu taryhy ýylymyzyň hem ýokary netijelere beslenjekdigine uly ynam döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde şu ýyl üçin kabul edilen Maksatnamany durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taryhy döwrümizi beýgeltmek maksadynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp taýýarlanan bu resminama ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi şu ýylyň şanly wakalarynyň hataryny artdyrdy. Bu zawodyň önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly gorlaryna baý sebitde gurlup, olaryň gazylyp alynýan ojaklaryna golaý çäkde ýerleşmegi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagyna uly ýardam eder.

Şanly şygar bilen dabaralandyrylýan şu ýylymyzyň ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas ummanyna sazlaşykly dabaralaryň giň gerimine we ýokary guramaçylygyna beslenjekdigini, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň durmuşynyň ýokary ösüş häsiýeti bilen sazlaşjakdygyny açyp görkezýän wakalar ata Watanymyza mahsus aýratynlyk bolup durýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň doly durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr

Gurbannur Allamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1578
0