Şadiwanyň şuglasy

Şadiwanyň şuglasy
Makalalar
02.01.2024, 18:45
339
0
02.01.2024ý.

Şadiwanyň şuglasy

Her güni uly üstünliklere beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemleýji günlerinde şaýat bolýan şatlykly wakalarymyz halkymyzyň Täze ýyl baýramçylyk ruhuny göterýär. 19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly iki Kararnamanyň birbada kabul edilendigini eşidip şatlanan watandaşlarymyz 25-nji dekabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykanyna has-da buýsandylar. Çünki bu kitap Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň öz raýatlaryna ajaýyp Täze ýyl sowgady boldy.

Beýik geljegimiziň gurujylary bolan merdana ýaşlarymyz, olaryň şu günki we geljekki wezipeleri hakynda täsirli söhbet açýan täze kitap sözbaşydan hem-de on dört bölümden ybarat. Kitabyň her bölüminde tamamlanyp barýan ýylda özlerine bildirilen ynamy üstünlikli ödän ýaşlara geljekde beýik işlere çakylyk bar. Hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esaslary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan wezipeler hakynda durup geçmek bilen, Watanymyzyň ertiri hasaplanýan ýaşlara uly ynam bildirýär. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary hilli neşir edilen bu kitap ýaşlarymyzyň, şeýle hem ähli watandaşlarymyzyň ýankitabyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiziň geljegimiziň gurujylary bolan ýaşlarymyzy beýik işlere ruhlandyrýan şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolsun!

Güýçmyrat Saparmyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0