Makalalar

Makalalar
Makalalar
16.02.2024, 19:01
192
0
Ýokary ykdysady görkezijiler gazanylýar

    Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti barha kuwwatlanýar. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan belent sepgitler ýokary maýa goýum işjeňligi, içerki we daşarky islegiň artmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi, ilatyň girdejilerini artdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler bilen baglanyşyklydyr.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýyl hem ata Watanymyzyň taryhynda ägirt uly ykdysady öňegidişlikler bilen girdi. Munuň şeýledigine geçen ýyl ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilenler hem güwä geçýär. Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim ýokarlandy.

Mundan başga-da, ösüş görkezijisi senagat pudagynda 4,3 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime, söwdada 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,9 göterim artdy.

2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlar, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy hem-de jemi içerki önümiň 18,3 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desganyň, umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmegi eziz Watanymyzyň gurujylyk kuwwatyndan habar berýär. Täze döredilen we durky täzelenen önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalaryň işe girizilmegi netijesinde hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany täze iş ornunyň döredilmeginiň bolsa amala aşyrylýan maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýete eýedigine şaýatlyk etmek bilen, onlarça müň watandaşlarymyzyň iş bilen üpjün edilmegine, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döredendigi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Şeýlelikde, ata Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Şol syýasatyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan mähriban halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolan durnukly ykdysadyýetli döwlete öwrüldi.

Serdar Şamuradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0