Nowruz baýramy — türkmen milliliginiň aýrylmaz bölegi  

Nowruz baýramy — türkmen milliliginiň aýrylmaz bölegi   
Makalalar
19.03.2024, 20:17
111
0
19.03.2024ý

Nowruz baýramy — türkmen milliliginiň aýrylmaz bölegi  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Täze taryhy eýýamda Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.

Nowruz — ýylyň başlangyjy, täze berekediň badalgasy. Nowruz täze oba hojalyk möwsüminiň hem gelendigini alamatlandyrýar. Tebigatdan bagt tapan çarwalar maşgalasy bilen ýaýla ýazlaga çyksalar, daýhanlarymyz irki ekinleriň aladasy bilen bolýarlar. Bu baýram adaty baýram däl, halkymyzyň taryhyny, durmuş pelsepesini, duýgy-düşünjelerini, dünýägaraýşyny özünde jemlän, milletimiz bilen ýaşaýan, döwletimiz bilen ösüp-özgerýän baýram. Bu baýram gadym-gadym zamanlardan bäri il-ulusymyzyň ezizläp, biziň günlerimize ýetiren baýramy.

Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.

2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda maddy däl medeni miras hakyndaky Konwensiýany tassyklan ýurtlaryň başlangyçlary boýunça maddy däl medeni mirasyň 76 sany dünýä ähmiýetli desgalarynyň hatarynda Nowruz baýramy hem ÝUNESKO-nyň halkara sanawyna goşuldy hem-de bu baýramy gorap saklamak we belläp geçmek boýunça ýörite Kararnama kabul edildi.

Ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda hem Milli Bahar baýramy diýarymyzyň ähli künjeginde şatly-şowhuna beslenip giňden bellenilýär. Bu bolsa halkymyzda agzybirligiň, jebisligiň, parahatçylygyň höküm sürýänliginiň ýene bir subutnamasydyr.

Güljemal BAÝRAMGULYÝEWA,

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.  
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0