Makalalar

Makalalar
Makalalar
22.03.2024, 13:02
236
0
22.03.2024ý.

Nowruz baýramy bilen bagly däp-dessurlar  

Ýurdumyza baharyň gelşiniň üýtgeşik bolşy ýaly, Nowruzyň baýram edilip, bellenilişiniň hem öz aýratynlyklary bar. Nowruz golaýlaşdygyça, adamlar ýakymly aladalar bilen gurşalýar. Her kim bu ajaýyp baýramçylygy milli däp-dessurlara eýerip, mynasyp garşylamaga çalyşýar. Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde dürli milli tagamlar taýýarlanylyp, goňşy-golamlara, myhmanlara hödür-kerem edilýär. Yryma görä, ol günde ýedi dürli tagam taýýarlanylypdyr. Bu däp-dessur häzirki günlerde hem dowam edip gelýär. Nowruz saçagyny bezeýän tagamlaryň naýbaşysy bolsa Äşe-Patmanyň aşy hasaplanylýan semenidir. Semeni kiçijik çagalardan başlap, uly ýaşly adamlaryň hem halaýan tagamy bolmak bilen, onuň taýýarlanylyşynyň öz aýratynlyklary bar. Çünki semenini taýýarlamak üçin ilki bugdaý dänelerini ekip, ony yzygiderli çyglandyryp durmaly. Şine ýaryp, gögerip başlan bugdaýy döwmeli we çykan şireli suwuny un bilen garyp gaýnatmaly. Semenini taýýarlamak işi wagty köp talap edýär. Gaýnap duran semenini gazanyň düýbüne ýelmeşmez ýaly, yzygider bulap durmaly.

Semenini köplenç daş-töweregiň gelinleri üýşüp, bilelikde taýýarlapdyrlar. Ony taýýarlamaga gatnaşýan maşgalalaryň agzalary bir ýere üýşüp, dürli güýmenjeler bilen meşgullanypdyrlar, ýagny monjugatdy, küştdepdi, matal aýdyşmak, bije atyşmak ýaly degişmeli, gülküli oýunlary oýnapdyrlar. Birek-biregi Nowruz baýramy bilen gutlap, dürli sowgatlary taýýarlapdyrlar.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň giň möçberli aladalarynyň, şeýle hem, milli däp-dessurlarymyza goýýan belent sarpasynyň netijesinde ýurdumyzda Nowruz baýramy döwlet derejesinde ýokary ruhubelentlik bilen geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk mynasybetli toýlar giňden tutulýar. Tutulýan toýlarda türkmen milli oýunlary bilen birlikde, at çapdyrmak, göreş tutmak, ýaglyga towusmak ýaly sport äheňindäki bäsleşikli oýunlar baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrýar. Al-elwan gülli ýaýlalarda gyz-gelinler läle kakyp, aýdym aýdyp, toýa bezeg berýärler.

Ýeri gelende bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni dabara bilen giňden bellenilýär. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Diýarymyzyň at-abraýyny Arşa götermek, milli mirasymyzy dikeldip, oňa goýulýan sarpany has-da beýgeltmek ugrunda ägirt uly işleri alyp barýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Merjen ORAZDURDYÝEWA

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0