Mertler

Mertler
Makalalar
19.01.2024, 12:47
224
0
19.01.2024ý.

Mertler Watany beýgeldýär

Ynsan üçin Watanyndan eziz gymmatlyk, mukaddeslik ýokdur. Ata Watanymyzy söýmek, goramak mukaddes borçdur. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Watan goragçylarymyzyň eziz Watanymyza söýgüsiniň, Garaşsyzlygymyza guwanjynyň, Bitaraplygymyza buýsanjynyň, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary we işgärleri hakyndaky aladalarynyň aýdyň ýüze çykýan zamanasydyr. Ajaýyp döwrümizde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň kanunçylyk binýady berkidilýär, goranyş kuwwaty has-da pugtalandyrylýar, milli goşunymyz häzirki zamanyň ösen harby tehnikalary we enjamlary bilen üpjün edilýär, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri barada uly aladalar edilýär. Berkarar döwletimize, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz wepaly gulluk edip, ata Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmäge goşant goşýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar, olara hormatly atlar dakylýar. Bularyň ählisi Watan goragçylaryny mukaddes borçlaryny yhlasly hem-de ak ýürekden berjaý etmäge, eziz Diýarymyza, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly gulluk etmäge ruhlandyrýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna belent maksatlar bilen gadam basan eziz Diýarymyzda Watan goragçylary ýurdumyzyň hemişe asuda, parahat bolmagy, halkymyzyň​ eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Nazar Agamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0