Mermer we merjen

Mermer we merjen
Makalalar
27.05.2024, 19:53
138
0
27.05.2024ý.

Mermer we merjen paýtagtymyz  

  25-nji maýda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dürli ugurly we köptaraply wakalarynyň ajaýyp pursatlaryna sazlaşan şanly sene — Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzda giňden dabaralandyryldy.

Geljegiň şäheriniň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýän gözel Aşgabadyň oklaw ýaly göni, aýna ýaly tekiz, dünýä derejesine mahsus gurlan şaýollarynyň iki gyrasyna jäheklenip oturan gözel hem döwrebap bina-desgalarda abadan hem owadan ýaşaýyş, gülläp ösüş, medeni durmuş gaýnap joşýar. Synasynda ak güneşiň tylla ýalkymy şöhle saçýan paýtagtymyzyň ak mermer bilen örtülen binalarynyň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun almagy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşyk sungatynda bitirýän dünýä nusgalyk işleriniň aýdyň hakykatydyr.

Toý-baýramly günleriň dowam edýän pursatlarynda gözel paýtagtymyzyň ajaýyp bina-desgalarynyň üsti akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy bilen ýetirildi. Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşen bu ajaýyplyklar onuň gözelligini nurana görnüşler bilen doldurdy. Paýtagtymyzyň şanly senesiniň dabaralandyrylýan günlerine barylýan pursatlarda bolup geçen bu taryhy waka toý sowgady hökmünde halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy hem-de tutuş dünýä ýaň salan ajaýyp hakykat boldy.

Aşgabat şäheri häzirki döwürde sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent mertebä eýedir. Dünýä döwletleri bilen ähli ugurlar babatda gepleşikleriň, maslahatlaryň, sergileriň geçirilýän, sebitiň işewürlik we medeni merkezine öwrülen paýtagtymyzda döwrebap durmuş gaýnap joşýar.  

Mehtini Kurbanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2319
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1688
0