Magtymguly Pyragy — türkmen edebiýatynyň göwher gaşy

Magtymguly Pyragy — türkmen edebiýatynyň göwher gaşy
Makalalar
27.02.2024, 19:34
209
0
27.02.2024ý

Magtymguly Pyragy — türkmen edebiýatynyň göwher gaşy  

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzda türkmen halkynyň baý medeni we edebi mirasyny öwrenmäge, olary dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaghymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde bu günki günde nusgawy türkmen edebiýatynyň eserleri hem dünýä jemgyýetçiligine ýetirilýär. Şol nusgawy edebiýatyň göwher gaşy bolsa, şübhesiz, Magtymguly Pyragydyr.

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi baý we köp taraplydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde halkymyzň ХVIII asyrdaky durmuşy, şol döwrüň taryhy hem-de syýasy wakalary, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, halka bolan yssy mähir, tebigat gözelligi, ahlak arassalygy, söýgi orun tapypdyr. Ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadynyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, päk terbiýe mekdebi hökmünde kabul edýär. Agzybirlik, jebislik, bitewülik il-ulsumyzyň gadymdan gelýän esasy ýol-ýörelgesidir. Magtymguly Pyragy bolsa bu ýörelgäni ölmez-ýitmez şygyrlary bilen bütin ömründe watandaşlaryna wagyz eden beýik danadyr.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar diňe bir ýurdumyzda däl-de, dünýäniň çar künjeginde bir-birine ulaşýar. Dürli yklymlardan myhmanlary jemlejek şanly senede Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigi bolsa has-da buýsandyryjy waka bolup, bu ägirt ýadygärlik halkymyzyň öz beýik ogluna buýsanjynyň çäksizdigini ýene bir ýola görkezer. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdyljakdygy, onuň bolsa Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüljekdigi aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi hem beýik şahyrymyzyň hormat-sarpasynyň çäksizdiginiň aýdyň kepilidir.

Magtymguly Pyragynyň dünýädäki at-abraýyny has-da beýgeltmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!  

Aýgözel Päliwanowa

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0