Lebap welaýatynda jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyry ulanmaga berildi

Lebap welaýatynda jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyry ulanmaga berildi
Makalalar
14.03.2024, 17:25
101
0
14.03.2024ý.

Lebap welaýatynda jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyry ulanmaga berildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde döwrebap jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyrynda täze, «Toyota Coaster» kysymly orta synply awtobuslaryň ýene-de 200-e golaýy, «Toyota Hiace» kysymly kiçi awtobuslaryň hem 20-si ilata hyzmat etmek üçin ulanmaga berildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy esasynda mümkin bolup, ýolagçy awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Täze ulaglar welaýatyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şäherýaka hem-de şäherara ugurlar boýunça gatnadar.

Awtobuslaryň hereketlendirijileri bildirilýän ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly zyňyndylaryň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Awtobuslarda ony dolandyryjylar üçin hem ähli amatly şertleriň göz öňünde tutulandygyny aýratyn bellemek gerek. Täze awtobuslar halkyň hyzmatynda bolup, ýolagçylaryň barmaly menzillerine öz wagtynda we rahat barmagy üçin zerur şertleri üpjün ederler.

Nazar Nazarow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0