Lebap sement zawodynyň aýratynlyklary, mümkinçilikleri

Lebap sement zawodynyň aýratynlyklary, mümkinçilikleri
Makalalar
14.03.2024, 17:27
115
0
14.03.2024ý.

Lebap sement zawodynyň aýratynlyklary, mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda işe girizilen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ýurdumyzda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen iri taslamalaryň biri hasaplanýar. Gurluşygyna 2020-nji ýylyň iýunynda badalga berlen bu desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da berkitmek, Diýarymyzy ýerli gurluşyk harytlary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek hem-de olaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen gurlan Lebap sement zawodynyň täze tapgyry dürli maksatly binalardyr desgalaryň 38-sinden ybarat. Onuň ulanmaga berilmegi netijesinde, kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 million tonna ýeter. Munuň üçin zawodyň ýerleşýän ýeri bolan Köýtendag sebitinde çig mal gorlary näçe diýseň bar.

Ýeri gelende bellesek, zawodyň birinji tapgyrynda-da işler ýyl-ýyldan kämilleşdirilip, geçen ýylda onuň önümçilik mümkinçiligi 1,1 million tonna ýetirildi. Ozal bu ýerde «PS-400» we «PS-500» görnüşli sement öndürilýän bolsa, täze tapgyryň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde has uly islege eýe bolan «PS-600» görnüşli sementi hem öndürýän döwletleriň hataryna goşular. Zawodda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň we Türkiýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Gurluşyk senagaty üçin gymmatly önüm bolan sement öndürýän täze zawodyň gurluşygynda ekologik howpsuzlyk kadalary hem göz öňünde tutulandyr. 

Kuwwat Çaryýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0