Köňülleriň buýsanjy

Köňülleriň buýsanjy
Makalalar
12.01.2024, 19:18
237
0
12.01.2024ý.

Köňülleriň buýsanjy

Taryh iň bir kämil zatlary durmuşyň ölçeg eleginden süzüp-süzüp geçirip, geljekki nesillere ýetirýär. Sebäbi wagt mähek daşy kimin biziň amala aşyrýan işlerimize seljerme berýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halkymyz üçin durmuş sapagyna öwrülmegi-de şu günki ajaýyp zamanamyzdan nesillere iň bir gowy, aňrybaş zatlary miras goýmagyň aladasy bilen amal edilen başlangyçdyr. Munuň aňyrsynda akyldar Pyragynyň tutuş adamzat gymmatlygyna öwrülen döredijiliginiň şu Watanyň berkararlygy baradaky arzuwlara ýugrulandygy baradaky beýik pelsepe durandyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: «Magtymguly, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Akyldar bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony umumadamzat şahyryna öwren zat — onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-günüň ykbalyna baglanan söweşjeň oýlanmalarydyr».

Taryhy gahrymanlarymyzyň, edebiýat ägirtleriniň haýsy biri barada gürrüň açsaň-da, söhbediň watansöýüjilige syrygýar. Sebäbi Oguz han atamyzdan bäri halkymyzyň kalbynda Watan düşünjesi iň beýik gymmatlyk bolup ýaşap gelýär. Şol geçilen ýoluň dowamynda bolsa milli gymmatlyklarymyza, mirasymyza söýgi Watan söýgüsi belentligine göterilipdir. Milli buýsanjymyz bolan bedewimize, halymyza Tugramyzdan orun berilmegi, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň umumadamzat gymmatlygyna öwrülmegi-de şu aýdylanlaryň tassyknamasydyr.

Pederleriň geçen şöhratly ýoluna, ata-babalarymyzyň parasat mekdebine söýgi-hormatymyz berkarar döwletiň goýnunda erkana ýaýnaýan halkymyzy bagtyýarlygyň gülşen ýaýlasyna alyp geldi. Şol ajaýyp ýaýlada, biziň Watana söýgüden, milli mirasymyza çäksiz sarpadan doly gadamlarymyzyň badyndan gülleýän Diýarymyzda nesip bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tutuş dowamynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp tutulýan toýuň dabaralary dag aşar. Çünki bu ýylyň adynda ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar bar.

Nurýagdy Babaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0