Bitaraplyk — baky ba­gtymyz

Bitaraplyk — baky ba­gtymyz
Makalalar
05.12.2023, 04:23
240
0
05.12.2023ý.

Bitaraplyk — baky bagtymyz

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky kararnamasy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

Şonda döwletimiziň Aşgabatda 2021-nji ýylda ýokary derejede parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek hakyndaky başlangyjy Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyny gözüň göreji ýaly gorap saklaýar we ondan gelip çykýan borçlary birkemsiz berjaý edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletiň Esasy Kanunynda berkidilendir, her ýylyň 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni baýramçylyk hökmünde giňden bellenilip geçilýär.

Aziýanyň merjeni adyna eýe bolan, ak mermere, göm-gök baglara bürenen, giň şaýollary bilen bezelen gözel Aşgabadymyzda, Köpetdagyň eteginde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň taryhyny beýan edip duran, ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalardan gelýän erkanalyk, agzybirlik, gaýry döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine wepalylygynyň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesi bolan Bitaraplyk binasy bar.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen, dünýäde ýeke-täk ýurt bolan ata Watanymyz häzirki wagtda dünýäniň 150 döwleti bilen diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy, halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy boldy.

Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa hem-de Ýuwaş ummany sebitleriniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň, işewürleriniň amatly maýa goýum işini ýurdumyzda amala aşyrmaga höwesini artdyrýar.

Altynaý Mämmedowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0