Makalalar

Makalalar
Makalalar
12.03.2024, 18:53
108
0
12.03.2024ý.

Könüllere ganat, ykballara nur

Eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eşretli ertirleri nazarlaýan oňyn başlangyçlarynyň netijesinde ähli ugurlarda ýetilýän belent sepgitler il-ulsumyzy täze üstünliklere ruhlandyryp, Watanymyza bolan söýgini artdyrýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynyň her bir gününde durmuşa geçirilýän döwrebap işler halkymyzyň agzybirliginden, döwletliliginden, jebisliginden nyşandyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda: «Türkmenler gadymyýetde we orta asyrlarda edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, geçmişde şöhratly yz galdyrypdyrlar. Dünýäde iň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň biri bolan Jeýtun, Änew medeniýetlerini, Altyndepe siwilizasiýasyny, Marguş şalygyny döredenler biziň şöhratly ata-babalarymyzdyr» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy giňden öwrenmek, aýawly saklamak, ony geljekki nesillere üýtgewsiz ýetirmek we dünýäde dabaralandyrmak ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Magtymguly Pyragynyň doglan  gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylynda bu hakykat has-da aýdyň ýüze çykýar. Ak bugdaýyň gadymy mekanyndaky şäheriň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli 26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda dabara geçiriler. Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda birnäçe çäreleri — baýramçylyk konsertini, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyny, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny guramak baradaky meýilleriň öňe sürülmegi berkarar döwletimizde milli mirasymyzy dabaralandyrmak ugrundaky işleriň rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr.

Öwläguly Sähedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0