KONSERWATORIÝADA WIKTORINA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

KONSERWATORIÝADA WIKTORINA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
Makalalar
06.11.2023, 14:24
398
0
KONSERWATORIÝADA WIKTORINA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Aşyr Kulyýewiň doglan gününiň 105 ýyllygy, Durdy Nuryýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy, Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli konserwatoriýanyň Ýaş alymlar geňeşi Ýaşlar guramasy bilen bilelikde talyplaryň arasynda wiktorina bäsleşigini geçirdi.​

Bu bäsleşige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşigiň gyzgalaňly geçmegi talyplaryň ele alýan hünärleri boýunça kämilleşip, alnyp barylýan halypa-şägirtlik ýolunyň dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.​

Saz diňlemek boýunça geçirilen bäsleşikde talyplar türkmen kompozitorlarynyň eserlerini kän diňleýändiklerini,hünär sapaklarynda öwrenýändiklerini görkezdiler. Wiktorina bäsleşigi talyplaryň saza bolan höwesini artdyryp, geljekde professional saz sungatynyň wekilleri bolup ýetişip, sungat äleminde ýokary derejelere ýetmäge uly itergi berer.​

Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0