Makalalar

Makalalar
Makalalar
05.03.2024, 17:12
126
0
05.03.2024ý.

IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi

4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi. Onuň açylyş dabarasyna olimpiada gatnaşyjylar, daşary ýurtly talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary derejede guralan bu halkara olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 400-den gowragy, şeýle-de daşary ýurtlardan — Bolgariýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň hem-de Saud Arabystanynyň 30-a golaý ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 120-ä golaýy gatnaşýar.

Şu ýylyň 4 — 8-nji marty aralygynda geçiriljek IV Açyk halkara matematika olimpiadasy ýekebara we toparlaýyn görnüşinde guralar. Olimpiadanyň resmi dilleri türkmen we iňlis dilleridir.

Olimpiadanyň çäginde talyplar we myhmanlar üçin «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, «Berkarar», «Aşgabat», «Gül zemin» söwda we dynç alyş merkezlerine hem-de Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençleri guramak meýilleşdirilýär.

Röwşen Amangeldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0