Hindistan ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary­nyň biridir ​

Hindistan ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary­nyň biridir  ​
Makalalar
11.01.2024, 17:47
235
0
Hindistan ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir

​ Mälim bolşy ýaly, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şol sanda Aziýa sebitleriniň ýurtlary, hususan-da, Hindistan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bu babatda energetika, senagat pudaklarynda, ulag we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda-da iki ýurt Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleri ýaly iri halkara taslamalara gatnaşyjy bolup durýar. Bar bolan mümkinçiliklerden hem-de kuwwatlyklardan netijeli peýdalanmakda bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmegi ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, onuň düzümini we mazmunyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berer. Tamamlanan 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň hem ýokarlanyp, takmynan, 300 million amerikan dollaryna ýetmegi guwandyryjy ýagdaýdyr.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Iki halkyň umumy taryhy, baý we özboluşly medeniýeti, köp derejede birmeňzeş däp-dessurlary ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin pugta esas bolup hyzmat edýär. Türkmen-hindi gatnaşyklary taryhy köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Iki halky medeni gatnaşyklar, ruhy gymmatlyklarynyň ýakynlygy birleşdirýär. Baýram han Türkmen, onuň ogly Abdyrahym han-hanan ýaly meşhur döwlet işgärleriniň atlary, Türkmenistandaky beýik hindi medeniýetiniň mirasy — bularyň ählisi köpasyrlyk gatnaşyklaryň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Häzirki döwürde bu ajaýyp miras täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Hindistan Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biri boldy. Şondan birnäçe ýyl soňra bolsa Goşulyşmazlyk Hereketinde, Birleşen Milletler Guramasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny işjeň goldady. Türkmenistan Hindistanyň, onuň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny we taýýardygyny, ýurdumyzyň saýlap alan içerki ösüş nusgasyna hem-de daşary syýasy ugruna hormat goýýandygyny hemişe duýýar we muňa ýokary baha berýär. Türkmenistan, öz gezeginde, Hindistany ählumumy işlerde tapawutlandyrýan netijeli we oýlanyşykly syýasatyna, onuň Aziýada hem-de dünýäde tutýan uly ornuna hormat goýýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Hindistana hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş, doganlyk ýurt, häzirki zaman sebit hem-de dünýä gün tertibiniň köp sanly möhüm meselelerini çözmekde pikirdeş döwlet hökmünde garaýar.

Aýna Ýazmuhammedowa

D.Azady adyndaky Türkmen mili dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0