Halklary dostlaşdyrýan baýram

Halklary dostlaşdyrýan baýram
Makalalar
22.03.2024, 13:09
304
0
22.03.2024ý.

Halklary dostlaşdyrýan baýram  

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýally, taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Nowruz baýramynyň medeniýeti, sungaty we ýagşy dessurlary giňden wagyz etmekde halkara ähmiýeti bardyr. Halkara Nowruz baýramy dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dostlugy pugtalandyrýar.

Umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürlüligini gorap saklamak hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi.

Belli türkmen alymy Öwez Gündogdyýew «Nowruznama» kitabynda: «Nowruzyň döränine 5000 ýyldan köpräk wagt geçipdir» diýip belleýär. Nowruz baýramçylygy örän ir wagtlarda ýüze çykypdyr we köp halklaryň hem-de milletleriň dil we söz baýlygyna ornaşyp gidipdir. Aslyýetinde, Nowruz pars sözi bolup, «now» — täze, «ruz» — gün, ýagny «täze ýyl» ýa-da «täze gün» diýen manyny aňladýar.

Gadymy taryhy, milli däp-dessurlary, ajaýyp tebigaty bilen ýene-de Nowruz baýramy ýetip geldi. Bu baýram ähli halklaryň berk jebisliginiň, agzybirliginiň hem-de dostanalygynyň baýramydyr.

Ogulnar ORAZMYRADOWA

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0