Halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär

Halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär
Makalalar
15.12.2023, 23:42
460
0
Halk bähbitli işler durmuşa geçirilýär

Ýurdumyzda raýat awi­asiýasynyň düzümleri­ni döwrebaplaşdyrmak maksady bilen uly işler durmuşa geçiril­ýär. Şu aýyň başynda Aşgabat Halkara howa menziline hormatly Prezidentimiziň deg­işli Kararyna laýykl­ykda satyn alnan «Bo­eing777-300ER» kysym­ly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Ýokary tygşytlylygy, raha­tlygy bilen tapawutl­anýan bu howa gämisi 368 ýolagçyny gatna­tmaga niýetlenilendi­r. Dünýäniň iň öňdeb­aryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlam­alary bilen üpjün ed­ilen uçarda ýaş çaga­lar üçin ýörite sall­ançaklaryň oturdylan­dygyny-da bellemek gerek. Uçaryň Ýewropa­nyň we Aziýanyň isle­ndik nokadyna uçuşla­ry amala aşyrmaga mü­mkinçiligi bar.

Üstümizdäki ýylda ýu­rdumyza Fransiýa Res­publikasyndan iki sa­ny «Airbus A330-200 P2F» kysymly ýük uça­rlary hem gelip gowu­şdy. Olar arkaly dür­li ugurlar boýunça ýük daşamak amala aşy­rylar. Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň üstaşyr uçuşlar we uçarlaryň ýangyjynyň üstüni dolmak üçin ýurdumyzyň howa giňiş­ligini peýdalanmaga bolan gyzyklanmalary­-da barha ösýär.

Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwründe ýurdumyz­yň gülläp ösmegi üçin ähli şertleri döre­dýän, ulag ulgamynda iri taslamalary dur­muşa geçirýän Gahrym­an Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlaryn­yň sag bolmagyny, al­yp barýan il-ýurt bä­hbitli işleriniň row­aç almagyny tüýs ýür­ekden arzuw edýäris.

Döwletgeldi Çarwaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0