Gutly bolsun Täza ýy­lyň şygary!

Gutly bolsun Täza ýy­lyň şygary!
Makalalar
03.01.2024, 20:29
137
0
Gutly bolsun Täza ýylyň şygary!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz Täze — 2024-nji ýyly uly şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen garşylady. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde joşgunly baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen bu ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Bilşimiz ýaly, şu ýyl diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Ýylyň adynyň hem beýik akyldaryň ady bilen baglanyşdyrylmagy halkymyzyň buýsanç duýgularyny goşalandyrdy.

Uly üstünlikler bilen tamamlanan 2023-nji ýyl ýurdumyz üçin ähli babatlarda ösüşli, özgerişli ýyl boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda ýatda galyjy şanly wakalara beslendi. 27-nji dekabrda geçirilen ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi hem ýylyň ajaýyp jemlenmesi hökmünde ýaşlar üçin ajaýyp pursatlara öwrüldi. Bu ýaşlar forumynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy hem ýaş nesilleriň toý şatlygyny artdyrdy.

Täze — 2024-nji ýylymyz hem şeýle ajaýyp üstünlikleriň batly gadamlar bilen dowam edýän ýyly bolar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ata Watanymyzyň abraýy Ýer ýüzünde has-da belende galar.

Merdan Iskanderow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0