Göwünleriň telwasy

Göwünleriň telwasy
Makalalar
02.03.2024, 12:20
115
0
02.03.2024ý.

Göwünleriň telwasy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary netijeler gazanylýar hem-de öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şol gazanylanlary, gadymy milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmakda ýaşlara uly orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, bagtyýar şu gününe, beýik geljegine bolan buýsanjyny artdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlar döwlet tarapyndan özlerine bildirilen ynamdan ruhlanyp, ähli ulgamlarda yhlasly zähmet çekýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby çuňňur many-mazmuna eýedir. Eserde getirilen her sözüň manysynda, her sözlemiň mazmunynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy täsirli beýan edilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlanan şeýle gymmatly eseri ýazmagy ýaş nesliň wekilleriniň durmuşymyzda we jemgyýetimizde tutýan ornuna mynasyp baha berilýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly çuňňur many-mazmuna hem-de taryhy pursatlara baý ajaýyp eseri ýaş nesillerimiz üçin kämil ýol-ýörelge, nusgalyk gollanma diýip uly ynam bilen aýdyp bileris. 

Halbibi Satlykowa,

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. 
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0