Goşa baýram — goşa toý

Goşa baýram — goşa toý
Makalalar
05.09.2023, 14:54
221
0
Goşa baýram — goşa toý

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, sahawatly güýz­üň ilkinji gününde Bilimler we talyp ýaş­lar güni hem-de täze, 2023 — 2024-nji ok­uw ýylynyň başlanmagy mynasybetli eziz Diýarymyzda döwrebap bilim ojaklary gapyl­aryny giňden açdy, täze bilim edaralaryn­yň düýbi tutuldy. Ata Watanymyzyň golaýl­aşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna aja­ýyp sowgat hökmünde Arkadag şäherinde hä­zirki zaman bilim ed­aralarynyň, paýtagty­myz Aşgabatda Türkme­nistanyň Prezidentin­iň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyn­yň binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, şeýle hem ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň binalar topl­umlarynyň düýbüniň tutulmagy unudylmajak şanly wakalar boldy. Şol gün türkmen ha­lkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz­yň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýu­rdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary bar­ada umumy sapak geçm­egi diňe bir bagtyýar ýaşlaryň däl, eýse­m, tutuş halkymyzyň şatlygyna şatlyk goş­dy.

Günsaýyn özgerýän be­rkarar döwletimizde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze nes­li kemala getirmek her bir maşgalanyň öň­ünde durýan aýdyň hem belent wezipedir. Gahryman Arkadagymyz­yň we Arkadagly Serd­arymyzyň taýsyz taga­llalarynyň netijesin­de, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde röwş­en ertirlerimiziň eý­eleri bolan ýaş nesi­lleriň dünýä ölçegle­rine laýyk bilim alm­aklary, olaryň halky­myzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala ge­tiren kämil ruhy-ahl­ak gymmatlyklaryna laýyklykda terbiýelen­mekleri, sagdyn ösüp­-ulalmaklary üçin äh­li şertler döredilýär

Wladimir Annadurdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0