Garaşsyzlyk baýramy

Makalalar
Ine, ýene-de baýramlaryň naýbaşysy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny bellejek ýylymyzyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýär
Garaşsyzlyk! Sen biziň ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň! Güýjümize güýç goşduň, başymyzy gök diretdiň, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Hawa, Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýalkymly pursatlary başdan geçirýär.
Garaşsyzlyk – belent ykbal! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Şu gün bu toýuň ýakymyny bagtymyz ýaly belende göterilen Gün buşlaýar!
Ýaşasyn Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz!
Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!
Mekan Mäçjiýew
Türkmenistanyñ Inżener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...