Ene – sözi keramat

Ene – sözi keramat
Makalalar
12.02.2024, 19:41
247
0
Ene – sözi keramat

 

Ynsan balasy bu dünýä gelip, ilki gözüni açyp ejesini görýär. Ýaňy dil bitip başlandan ilkinji aýdýan sözi hem eje sözüdir. Eneleriň ýüregi perzentleriniň jany bilen birdir. Hatda uzak aralykdan sesini eşitmese-de, çagasynyň aglaýandygyny ene ýüregi duýýandyr. Eneler – keramat, keremdir. Şonuň üçin eheler hakynda goşgy ýazmadyk şahyr, aýdym aýtmadyk bagşy ýokdur. Eneleriň waspy hemişe dillerdedir.

 

Öz çagalyk döwürlerim ýadyma düşýär. Eje jan, seniň ýeke ýylgyryşyňy dünýäniň özge hiç zadyna çalyşyp bilmerin. Seniň eliň tagamy, kalbyňdan çogup çykýan ýyly mähri näme bilen deňäp bolar. Biziň iň ýakyn hossarymyz, howandarymyz özüňdiň, eje jan! Şonuň üçin elime galam alyp ilki seniň adyňy ýazyp başladym, eje! Seniň baryňda biz özümizi arkaly hem hossarly duýýarys. Seni näçe ýatlap, wasp etsem entegem az ýaly, eje jan! Özüm ene bolup, seniň kalbyňa hasam gowy düşündim. Eje jan ilkinji goşgymy hem saňa bagyşlapdym.

Ejeme!

Dünýä gelip açyp göz,
Eje jan, seni gördüm.
Dilime öň gelen söz,
Eje jan diýip ýördüm.

Ösdüm, mekdebe bardym,
Her gün saýyn ulalyp.
Eje jan adyň ýazdym,
Elime galam alyp.

Her bakyşyň mahirdir,
Her bir sözüň dür, eje!
Arzuwym dünýä dursa,
Senem baky dur, eje!

Ogulşeker Öweznepesowa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0