EKSPO

EKSPO
Makalalar
18.12.2022, 15:43
577
0
“EKSPO – 2025”

Indi ençeme wagtdan bäri ýokary guramaçylykly geçirilýän “EKSPO” Büyindünýä sergileri döwlete dahylly we dahylsyz önüm öndürijiler üçin, ýurtlaryň medeniýetleri we täzelikleri barada giňişleýin gürrüň etmek üçin iň uly duşuşyk ýerine öwrüldi. “EKSPO” Bütindünýä sergilerine Türkmenistan hem milli pawilýony bilen gatnaşyp gelýär. Şeýle halkara derejeli gözden geçirilişe gatnaşmak ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dünýä ýüzünde dabaralanmagynda, dünýäniň ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, öňden gelýän gatnaşyklary has-da berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

Geljekde 2025-nji ýylyň 13-nji apreli bilen 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka aýlagyndaky Ýumesima adasynda “Ýaşaýyşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary bilen geçiriljek “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy Garaşsyz Watanymyzyň eksport kuwwatyny açyp görkezmekde ýardam eder. Ýapon tarapynyň teklibi bilen Türkmenistanyň milli pawilýony “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisiniň “Durmuş mümkinçiligini giňeltmek” atly bölüminde ýerleşdirmek meýilleşdirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Döwletgeldi Saparow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0