Dünýä ýalkym saçýan şäher

Dünýä ýalkym saçýan şäher
Makalalar
27.05.2024, 19:50
122
0
27.05.2024ý.

Dünýä ýalkym saçýan şäher  

  Däp bolşy ýaly, «Pähm-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni dabara bilen belleneilip geçildi. Ata Watanymyzyň paýtagty ak mermere beslenen belent binalary, gür baglyga bürenen seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen dünýä nur saçýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda: «Aşgabat bu günki gün gözel baglara beslenen täsin seýilgähleriň, ajaýyp gülleriň şäheri hökmünde uly meşhurlyga eýedir» diýip belleýär. Aýna ýaly tämiz, giň köçeler, hoşboý ysly güller, kaşaň ymaratlar, ýadygärlikler, suw çüwdürimleri paýtagtymyza gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyzda halkara duşuşyklaryň, köpugurly sergi-ýarmarkalaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, döredijilik festiwallarynyň geçirilmegi kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabadyň dünýäde ak mermerli binalaryň iň köpüsiniň bir ýere jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi aýratyn bellärliklidir. Paýtagtymyzdaky Baýdak sütüni, «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynyň esasyny düzýän Oguz hanyň sekizburçluk ýyldyzy, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň baş binasynyň ýokarsynda ýerleşdirilen haly gölüniň şekili, Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň şekili hem-de Sportuň suw görnüşleri merkeziniň üsti ýapyk suwda ýüzüş suw howzy Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. 

Hormatly Prezidentimiz: «Baş şäherimiziň ösdürilmegi uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, täzeçil şäher gurluşyk syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip bellemek bilen, paýtagtymyzyň binagärlik-gurluşyk keşbiniň gözelleşmegine, milli aýratynlygyna uly üns berýär. Şeýle uly ünsüň neti- jesinde hem gözellikden gözbaş alýan Aşgabat ak mermer binalary bilen dünýä ýalkym saçýar.

Merdan Gurbanalyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0