Dana şahyryň has-da sarpalanjak ýyly ​

Dana şahyryň has-da sarpalanjak ýyly  ​
Makalalar
12.01.2024, 15:05
228
0
12.01.2024ý.

Dana şahyryň has-da sarpalanjak ýyly

​ ​ Täze 2024-nji ýyl ata Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Akyldar şahyrymyz, şygryýet äleminiň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygynyň derejesine göterilen, pähim-paýhasa ýugrulan eserleri dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran dünýewi garaýyşlary özünde jemleýär. Şeýle bolansoň şahyryň eserlerine bolan gyzyklanma Magtymguly atamyzyň ýaşap geçen döwründe-de, ondan soňky döwürlerde-de birjik-de peselmändir.

Munuň şeýledigini taryhy maglumatlar hem anyk tassyklaýar. Bu gyzyklanma Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem şeýle. Eziz Diýarymyzda tutuş bir ýylyň dana şahyryň hormatyna atlandyrylmagy muňa güwä geçmeýärm, eýsem?

Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülip, türkmen milletiniň şahyrana dünýäsini külli äleme ýaýan şahyryň diňe bir eserleri däl, eýsem, ömür ýoly hem, onuň döredijiliginiň öwrenilişi hem okuwçylarda uly gyzyklanma döredýär.

Şu günlerde doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde toýlanylmagyna uly taýýarlyk görülýän şahyryň gyzyla gaplaýmaly eserleriniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde öwrenilmegi we dünýä ýaýylmagy bilen, akyldar şahyrymyzyň döredijilik ummanynyň täze belentliklere göterilýändigi baradaky maglumatlar biziň her birimizde egsilmez begenç we buýsanç duýgularyny döredýär. Hakykatdan hem şahyryň ömri-döredijiliginiň öwrenilmegi baradaky meseläniň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülmegi netijesinde şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Türki medeniýetiniň halkara guramasy 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Gözel paýtagtymyz ak mermerli Aşgabadyň golaýynda gojaman Köpetdagyň eteginde akyldar şahyrymyzyň howalanyp duran belent heýkeliniň oturdylmagy, bu ägirt çeper söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem milli buýsanjyň beýik nusgasyna öwrülen şahyryň belent mertebesinden nyşandyr.

Maksat Işanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0