Dana şahyryň 300 ýyllyk toýy dabaralanýar

Dana şahyryň 300 ýyllyk toýy dabaralanýar
Makalalar
16.02.2024, 18:57
190
0
Dana şahyryň 300 ýyllyk toýy dabaralanýar  

  Bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýyl türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine beslenýär. Şeýle çäreleriň esasy maksady akyldar şahyryň filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden, halkara derejede wagyz etmekden, şahyryň köptaraplaýyn döredijiligine has-da çuňňur aralaşmak boýunça ylmy barlaglara badalga bermekden, şeýle hem döwletleriň we halklaryň arasynda ylym, bilim, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň taryhyny we edebiýatyny öwrenijiler, şol sanda daşary ýurtly hünärmenler üçin uly gyzyklanma bildirilýän şahsyýetleriň biridir. Magtymgulynyň Gündogar halklarynyň milli edebi mirasynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri medeniýeti öwreniji alymlaryň aýratyn üns merkezinde saklanýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrülen beýik akyldaryň döredijiligi, şan-şöhraty äleme dolýar. Şu jähetden, TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisiniň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, dana akyldaryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi şahyryň ýubileý toýy bilen bagly dabaralary halkara derejesine çykarar.

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0