Makalalar

Makalalar
Makalalar
21.04.2024, 20:20
66
0
21.04.2024ý.

Buýsanja mynasyp taslama

Ýaz paslynyň ajaýyp gününde — 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Şanly waka mynasybetli guralan dabaralar döwrüň belent ruhuny, bagtyýar zamanamyzyň eşretlerine buýsanýan halkymyzyň ruhubelentligini şöhlelendirdi.

Garagum sährasynyň içinden geçip, ýurdumyzyň sebitlerini biri-birine baglaýan hem-de uzak ýollary ýakynlaşdyrýan taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine guwanmak üçin esas köp. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün edip, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berer. Bu taslama diňe bir ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, goňşy döwletler üçin hem täze mümkinçiliklere ýol açar. Döwrebap awtoban raýatlara howpsuz we rahat hereket etmäge, gymmatly wagty tygşytlamaga hem-de awtoulaglaryny aýawly peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle iri taslamanyň türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilýändigi bolsa döwletimiziň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygy bilen baglanyşykly guwandyryjy hakykatlar we bu iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly sogap işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýändiginiň nyşanydygy barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda giňişleýin beýan edildi.

Ýol gurluşyk işleriniň halkara standartlaryna laýyk derejede amala aşyrylmagy, hereketiň howpsuzlygyny we ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün etmäge niýetlenen innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli awtomobil ýollaryna bildirilýän esasy talaplara degişlidir. Şundan ugur alyp, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda döwrebap awtobana Ýaponiýanyň, Fransiýanyň we Awstriýanyň kompaniýalary tarapyndan halkara güwänamalaryň gowşurylandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Atajan Babakulow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1579
0