Bir nagyşyň taryhy

Bir nagyşyň taryhy
Makalalar
08.02.2024, 10:50
155
0
Bir nagyşyň taryhy

Türkmen zenanlarynyň döreden el hünärleriniň taryhy gözbaşlaryny yzlasaň, gadymyýetiň jümmüşine aralaşýarsyň. Haly-palaslaryň, nagyş-keşdeleriň döreýşi hakynda halkyň hakydasyna ornan rowaýatlar hem munuň şeýledigine güwä geçýär. Palasyň gelip çykyşy barada şeýleräk rowaýat halk arasynda saklanyp galypdyr. Gadym zamanlarda bir obanyň üstüne ýagy dökülip, bir ýaş ýigidi ýesir edip äkidipdirler. Şonda ýigidiň juwan gelni kalbyndaky gaýgy-gamy egismek üçin dokma ýüwürdýär. Gelin bu köňül nagmasynda söwer ýarynyň gaýdyp gelmegini, durmuşynyň ýene gül açmagyny arzuwlaýar. Günlerde bir gün heniz palasyň gyra nagşyny başlamanka, gelin düýe sagyp oturan mahaly ak süýdüň ýüzünde ýanýoldaşynyň didaryny görüp, onuň hakydasynda geň-enaýy nagyş peýda bolýar. Il içinde ol nagyş «üýşürme» diýlip atlandyrylýar.

Kyna goýdy üýşürme,

Gyzlaň başyn çaşyrma.

Çemçeden üç, çanak-bäş,

Gaýmagyny ýaşyrma —

diýip, söwer ýarynyň esendigini, onuň göz öňüne gelen ýüz keşbiniň süýdüň heniz gaýmagy bozulmanka gapydan gülüp gelmegini isläpdir.

Palasa salynýan «bossany» diýlip atlandyrylýan nagyş ownuk öýdüm bilen öýdelen dört sany goçakdan ybarat bolýar. Gök goçaklaryň içinde öýdelen gyzyl erişli öýdüme akja sapak sapylýar. Her gölüň arasyna ýaşyl öýdüm bilen öýdelen ownuk göle, ýagny ara gölüne «sandyk» diýilýär. Palasyň argajyny kakmak uly ussatlygy talap edýär.

Tagangylyjowa Nurana

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Koreý dili hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0