Bilimiň kämilligi – ösüşlere badalga

Bilimiň kämilligi – ösüşlere badalga
Makalalar
11.11.2023, 20:54
519
0
Bilimiň kämilligi – ösüşlere badalga

Ýurdumyzda raýatlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagy, döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagy, işjeň gatnaşmagy, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi bilim işgärleriniň öňünde goýlan esasy wezipedir. Bu wezipe sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Häzirki döwre mahsus bolan şertlerde ýaşlara bilim we terbiýe bermek esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Şonuň bilen bagly, ýurdumyzyň bilim edaralarynda işleýän hünärmenleriň hünär derejesi ýokarlandyrylyp, dürli ugurlar boýunça başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary dünýä derejesindäki bilimleri özleşdirip, ylym-bilim babatdaky başarnyklary ussatlyk bilen ele alýarlar. Eziz Diýarymyzda ylym-bilim, terbiýe bermek, şeýle hem bilim bermegiň iň täze döwrebap usulyýetinden peýdalanmak işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” diýen kitabynda şeýle belleýär: “Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garalýar. Biziň bilim syýasatymyzyň esasy maksady ýurdumyzyň her bir raýaty üçin bilim almagyň elýeterli bolmagyny gazanmakdyr” – diýip belleýär. Bu sözlerden görnüşi ýaly, jemgyýetimiziň öňe gitmegi, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi babatda döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, sanly bilim giňden ösdürilýär. Täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, sanly serişdelerden peýdalanyp, bilim bermegiň täze usullary okatmagyň okuw işini işjeňleşdirýär.

Şu maksatlardan ugur alýan hünärmenler hem ýurdumzydaky ýokary okuw mekdeplerinde hereket edýän hünär derejesini ýokarlandyryş ugurlary boýunça kämil bilim alýarlar. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyýetiniň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar.

​Türkmenistanyň Oguz han adyndanky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Pedagogika bilimi (tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň​ usulyýeti) ugry boýunça magistranty

Atageldi Garajaýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0