Bilim — bagtyň gözbaşy ​

Bilim — bagtyň gözbaşy  ​
Makalalar
22.11.2023, 19:35
395
0
Bilim — bagtyň gözbaşy ​

​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ylym, bilim babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle uly özgertmeleriň bir ugry hem ähli pudaklarda, şol sanda bilim ulgamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagydyr. Çünki häzirki ösen döwürde sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, okatmagyň iň döwrebap usullaryny durmuşa geçirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ähli ýeňillikleri döredýär. Şunda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemelidiris.

Ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimediýa enjamlary, lingafon otaglar, internet ulgamy hereket edýär. Bu bolsa öz gezeginde birnäçe işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň tygşytlanmagyna islendik wagtda birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilikler döredýär. Internet torunyň üsti bilen döredilen maglumat portallarynda her adam özüne gerekli maglumatlary alyp, olardan peýdalanyp bilýär. Her ýyl mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar halkara internet ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagy başarýarlar. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän ünsüň has-da ýokarlanýandygyny, sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrylmagy bilen täze zehinleriň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Ata Watanymyzda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri, kämil şahsyýetler bolyp ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Didar Serdarow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0