Beýik söz ussadynyň 300 ýyllygy giňden dabaralanýar

Beýik söz ussadynyň 300 ýyllygy giňden dabaralanýar
Makalalar
01.04.2024, 07:46
100
0
01.04.2024ý.

Beýik söz ussadynyň 300 ýyllygy giňden dabaralanýar  

Häzirki wagtda türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan geçen ýyldan başlap, Türkiýede, Azerbaýjanda, Gruziýada, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Rumyniýada, Russiýada, Koreýa Respublikasynda, Ermenistanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada, Eýranda, Pakistanda, Hindistanda, Germaniýada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, filmleriň we wideoşekilleriň görkezilişleri, edebiýat agşamlary we bäsleşikler guraldy.

Aşgabat şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik festiwaly geçirildi. Festiwalyň esasy maksady akyldar şahyryň döredijilik mirasyny çuňňur öwrenmek, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, agzybirlik we şygryýetinde beýan edilen beýleki ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň döredijilik işjeňligine itergi bermek bolup durýar.

Eserlerinde watançylyk, maşgala ojagyna wepalylyk, däp-dessurlara hormat goýmak, edermenlik we bitewülik ýaly gymmatlyklary hem häsiýetleri wasp eden akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy türki halklarda hem giňden bellenilýär. TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek baradaky karary bilen Pyraga bagyşlanan dabaralara badalga berildi.

Şeýlelikde, akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän çäreler we meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralary beýik söz ussadynyň şöhratyny artdyrmaga, döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has giňişleýin tanatmaga, onuň zehininiň çuňlugyny we özboluşlylygyny açyp görkezmäge, Ýer ýüzünde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan netijeli ynsanperwer dialogy, dostluk gatnaşyklaryny, halklaryň arasyndaky düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Azym Annamow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2217
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1579
0