Makalalar

Makalalar
Makalalar
15.03.2024, 21:47
124
0
15.03.2024ý.

Beýik döwre buýsanç  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde, her bir ulgamda sanlyja ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilen beýik işler asyrlara barabardyr. Şeýle beýik işlero aýdyň mysaly geçen ýyl dabaraly ýagdaýda açylan sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheridir.

Täze şähere Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, «Arkadag» adynyň dakylmagy agzybir, jebis halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan bimöçber söýgüsiniň nyşanydyr. Bu şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna, köçelerine türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy bolsa geçmiş mirasymyzyň ägirtlerine berkarar döwletimizde goýulýan belent sarpanyň subutnamasydyr.

Täze şäherde «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi. Bu ýerde halkara standartlaryna, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky standartlara laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şäherde optiki-süýümli kommunikasiýa ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýaşaýjylara we myhmanlara ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda uzak ýyllar üçin durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply, giň möçberli özgertmeler işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär, olar häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga, innowasion önümçilik gurluşlaryny döretmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge esaslanandyr.

Şu maksatlar üçin milli maksatnamalar, meýilnamalar, ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň gurulmagy eziz Diýarymyzy ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işleriň rowaçlanýandygyny, ykdysadyýetimiziň kuwwatlanýandygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Beýik döwürde amala aşyrylýan beýik işlerden ruhlanyp, işlemäge, ýaşamaga hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Orazow Agamyrat

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0