Beýik başlangyçlaryň rowaçlanmasy

Beýik başlangyçlaryň rowaçlanmasy
Makalalar
16.09.2023, 17:55
530
0
Beýik başlangyçlaryň rowaçlanmasy

1991-nji ýylyň altyn güýzünde halkyň biragyzdan ses bermegi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary» hakyndaky Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi esasynda Garaşsyz döwlet hökmünde jar edilen Türkmenistan dünýäniň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer giňişliginde ösüşleriň hem-de öňegidişligiň ak ýoluna rowana boldy. Zähmetsöýer halkymyz umumadamzat bähbitlerine kybap gelýän agzybirlik, belent ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly milli däplerine eýerip, ata-babalarymyzyň ösüp-örňän, gözüniň göreji deýin goran gadymy topragynda demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň binýadyny berkden tutdy. Taryh üçin örän gysga döwürde eziz Diýarymyz her bir adamyň abadan ýaşamagy, kämil bilim almagy we yhlas bilen döretmegi üçin iň amatly hem-de asuda döwlet bolup dünýä doldy. Ýewraziýa yklymynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz Ýer ýüzünde halklaryň arasyndaky dost-doganlyga daýanýan, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, halkara kadalaryna hormat goýýan döwlete öwrülip, ösen ýurtlaryň hatarynda tanaldy.

Şol döwürden bäri döwletimiziň berkararlygyny, özygtyýarlylygyny dünýä ýaýýan, taryhy many-mazmuna eýe bolan Garaşsyzlyk gününiň şanyna tutulýan toý — toýlaryň seresi, ata Watanymyzyň naýbaşy baýramy hasaplanýar. Şanly günüň ýokary derejede toýlanmagy eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan türkmenistanlylaryň kalplaryny has-da joşduryp, beýik tutumlara ruhlandyrýar, merdana ata-babalarymyzyň milli döwletlilik, erkinlik ugrunda görkezen edermenligini, halkymyzyň bitewüligini, bagtyýar raýatlarymyzyň ata Watanymyza, ene topragymyza bolan belent söýgüsini dabaralandyrýar. Ýaş nesliň şöhratly geçmişimize, häzirki taryhy döwrümize söýgüsini, beýik geljegimize ynamyny artdyrýar.

Pirmyrat Amanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0