Belent sepgitler

Belent sepgitler
Makalalar
23.12.2023, 21:22
289
0
Belent sepgitlere ýe­tilýär

​ ​ Garaşsyzlyk ýyllaryn­da kabul edilen maks­atnamalaryň düzümin­de ýurdumyzyň söwda mümkinçiliklerini gi­ňeltmek, eksport kuw­watlyklaryny artdyr­mak wezipeleri möhüm orny eýeleýär. Şunda ýurdumyzyň daşary söwda syýasatynda bu gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, Bütindünýä Söwda Guramasy (B­SG) bilen hyzmatdaşl­yga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenis­tanyň BSG-ä synçy hö­kmünde gatnaşmagy bu gurama agza bolmak ugrundaky ilkinji ädim hökmünde milli ykdysadyýetimiziň döw­rebaplaşdyrylmagy üç­in amatly şertleri döretmekde uly ähmiý­ete eýedir. Munuň özi söwda we hyzmatlar ulgamyny döwrebapla­şdyrmak ugrunda giň gerimli durmuş-ykdy­sady maksatnamalaryd­yr taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyz­yň uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelýär. Bu abraýly gurama agza bolmak Tü­rkmenistan üçin täze ýollary açar we ýur­duň söwda ulgamyny diwersifikasiýalaşdy­rmaga, ösdürmäge goş­ant goşjak halkara bäsdeşlige ukyplylygy artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri dör­eder.

Ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ös­dürmek, hususy pudag­yň milli ykdysadyýet­imizde eýeleýän ornu­ny artdyrmak hormat­ly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dur­muşa geçirilýän «Be­rkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady ta­ýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir.

Maksatnamanyň üstünl­ikli durmuşa geçiril­ýändigine şu ýylyň on bir aýynyň netije­leri boýunça bölek satuw haryt dolanyşyg­ynyň, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim artmagy hem şaýatlyk edýär. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörel­gelerine esaslanýan daşary ykdysady str­ategiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesin­de, daşary söwda do­lanyşygynda-da ösüş depgini ýokarlandy. Söwda we daşary ykdy­sady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilen­de, 100,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 100,7 göte­rime barabar boldy. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýylyň başyndan bäri 275 sany birža söwd­asy geçirilip, 27 müň 762 sany şertnama hasaba alyndy. Söwd­a-senagat edarasy bo­ýunça hasabat döwrün­de ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,9 göterime bar­abar boldy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aý­larynda 26 sergi we 78 maslahat geçirild­i. Senagatçylar we telekeçiler birleşme­si boýunça oba hojal­yk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş de­pgini 109 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 109,4 göterime deň boldy.

Selim Gurbandurdyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0