Behişdi bedewler – milli buýsanjymyz

Behişdi bedewler – milli buýsanjymyz
Makalalar
20.04.2024, 19:32
67
0
20.04.2024ý.

Behişdi bedewler – milli buýsanjymyz  

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary netijesinde atçylyk pudagy ösdürilip, ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny saklamak, baş sanyny artdyrmak, seýisçilik sungatyny kämilleşdirmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Ştab-kwartirasy paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenip geçilmegi, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň geçirilip durulmagy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylmagy çapanda göýä ýerläp uçýan, kowsa ýetýän ýelden ýyndam bedewlerimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiziň şöhratly ýoly, olaryň häsiýetli aýratynlyklary, milli atşynaslyk, seýisçilik mekdebi barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän, olaryň gadyr-gymmatynyň, sylag-sarpasynyň näderejede beýikdigini görkezýän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary halkymyzyň köňül köşgünde ýer etdi. «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, bedewlerimiziň umumadamzat gymmatlygy hökmünde dünýäniň atçylyk medeniýetinde uly orun eýeleýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu gadymy hem müdimi medeniýetiň häzirki ajaýyp döwrümizde nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa has-da buýsandyryjydyr.

Ezizmuhammet Atdaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1579
0