Baky bagtyň beýany

Baky bagtyň beýany
Makalalar
15.12.2023, 23:58
270
0
Baky bagtyň beýany

Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany. Şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi hem munuň tassyknamasyna öwrüldi. Bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» forumynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürüldi. Bu başlangyç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, giň dünýägaraýyşly, öz halkynyň däp-dessurlaryna, milli mirasyna belent sarpa goýýan, bilimli, zehinli ýaş nesli terbiýelemek babatda köpugurly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» forumyndaky dialog her bir ýurduň milli bähbitlerini hasaba almak bilen guralýan, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin netijeli gurallaryň biri hökmünde meşhurlyga eýe boldy. Ilkinji nobatda, öz halklarynyň bähbitlerine eýerýän Merkezi Aziýa sebitinde geografik taýdan amatly ýerleşen döwletleriň Baştutanlary umumy maksatlara we wezipelere — durnukly durmuş-ykdysady ösüşe we abadançylyga ýetmek, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri bilelikde durmuşa geçirmek üçin tagallalary işjeň birleşdirýärler.

«Dialog — parahatçylygyň kepili» ýörelgesine üýtgewsiz eýerip, Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy, gadymdan gelýän ynanyşmak däplerini gorap saklamagy, irki döwürden bäri medeniýetiniň, taryhynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy bilen baglanyşýan doganlyk halklaryň arasynda özara hormat goýmagy goldamagyň möhümdigini hemişe nygtap gelýär.

Dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde uly tejribä eýe bolan ýurdumyzyň häzirki wagtda halkara guramalarynyň onlarçasynyň işjeň agzasy bolup durýandygy, dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýandygy parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatymyzyň barha dabaralanýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, Garaşsyzlygymyzyň altyn ýolunda hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýä ýüzünde parahatçylygyň mekany hökmünde ykrar edildi.

Kerim Ataýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institurynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0