Ata-babalaryň asylly ýörelgelerine eýerip

Ata-babalaryň asylly ýörelgelerine eýerip
Makalalar
02.01.2024, 19:07
233
0
02.01.2024ý.

Ata-babalaryň asylly ýörelgelerine eýerip

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer taglymatynyň aýdyň beýany bolup durýar. Bu gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegi berilýär hem-de derman serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Geçen ýylyň 21-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi. Bu Meýilnama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň goşulyşan, çagalaryň bähbitlerini nazarda tutýan beýleki halkara ylalaşyklarynyň ýörelgelerine we düzgünlerine esaslanýar. Meýilnama Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Meýilnamanyň maksady her bir çaganyň we onuň ene-atasynyň öz hukuklaryna düşünmegini, jemgyýetiň has abadan bolmagy üçin olary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleriniň bolmagyny hem-de hiç kimi gözden salman, her bir çaganyň ösüşi üçin mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny goramak we maşgalany goldamak ugrunda döredilýän mümkinçilikler bagtyýar raýatlarymyzyň göwünlerini galkyndyrýar. Halkymyzy şeýle bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Laçyn Hemraýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Koreý dili hünäriniň 1-nji ýyl talyby.​
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0