Aşgabat we Arkadag şäherleriniň arasynda Türkmenistanda ilkinji elektrik otlusy ýörär

Aşgabat we Arkadag şäherleriniň arasynda Türkmenistanda ilkinji elektrik otlusy ýörär
Makalalar
19.02.2024, 17:36
197
0
19.02.2024ý.

Aşgabat we Arkadag şäherleriniň arasynda Türkmenistanda ilkinji elektrik otlusy ýörär  

Russiýanyň «RŽD» APJ Aşgabat — Arkadag ugry boýunça täze demir ýol ugruny döretmek babatdaky taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşar. Bu ugur boýunça sebitleýin ýolagçy ekspres otlusy gatnaw eder. Diňe elektrik togunda işlejek otly bu aralygy bary-ýogy 18 minutda geçer diýip, Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Infrastruktura taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek meselelerini rus kompaniýasynyň wekiliýeti «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri bilen maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle hem «Demirgazyk-Günorta» halkara demir ýol geçelgesi boýunça ýük daşamalary ilerletmek boýunça gepleşikleri geçirdiler, şeýle hem Gyzylarbat şäherinde wagon abatlaýyş zawodynyň durkuny täzelemek hakynda ylalaşdylar.

Beýleki meýilnamalaryň hatarynda bitewi logistika operatoryny döretmek, Türkmenistanda «RŽD»-niň wekilhanasyny açmak meseleleri bar.

Şeýle hem türkmen demirýolçularyny «RŽD»-niň Korporatiw uniwersitetinde okatmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça «RŽD Logistika» PJ bilen «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» APJ-niň arasyndaky Ähtnama goşmaça Ylalaşyga, şeýle hem «RŽD International» bilen «Demirýollary» AGPJ-niň arasynda degişli resminamalara gol çekildi.

Röwşwen Eýeberdiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0