Änew şäherinde geçiriljek çärelere badalga berildi

Änew şäherinde geçiriljek çärelere badalga berildi
Makalalar
27.03.2024, 14:59
134
0
27.03.2024ý.

Änew şäherinde geçiriljek çärelere badalga berildi

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy.

Dabaralara Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýerde myhmanlar şowhunly çykyşlar bilen garşylanyldy. Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda türkmen aşhanasynyň milli tagamlary taýýarlanyldy. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli tagamlary, süýji nygmatlary taýýarladylar. Bu ýerde dabara gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň sergi diwarlyklary hem ýaýbaňlandyryldy. Myhmanlara gadymy geçmişi we däp-dessurlary janlandyrýan sahna çykyşlary görkezildi. Bagşylaryň ýerine ýetirýän aýdymlary bu görnüşlere aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaranyň dowamynda çagalar milli oýunlary oýnadylar. Ýaş türgenler ýaglyga towsup, çalasynlygyny, ussatlygyny görkezdiler. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ähli däp-dessurlary we şatlygy özünde jemleýän hakyky oba durmuşy janlandyrylypdyr.

«Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada suratkeşleriň, şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň ussatlarynyň, türki halklaryň fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Estrada aýdymçylarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Seýit Jemaleddin metjidine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň gözel ýerlerine baryp gördüler.

Bereket ÖWEZGELDIÝEW

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0