Änew — buýsançly taryhy bolan gadymy mekan

Änew — buýsançly taryhy bolan gadymy mekan
Makalalar
01.04.2024, 07:26
101
0
01.04.2024ý.

Änew — buýsançly taryhy bolan gadymy mekan  

Mälim bolşy ýaly, 23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza ajaýyp sowgat boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Taryhda gadymy Änew medeniýeti sebitde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagy bolup, bu topragyň örän buýsançly taryhy bar.

Änew şäherinde gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň gülläp ösendigi barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem giňişleýin maglumatlar, täsirli rowaýatlar getirilýär. Aýratyn hem Alym Arkadagymyz bu ajaýyp eserinde: «Abiwerdden Nusaýa barýan kerwenleriň soňky düşleg ýeri gadymy Änew şäheridir. Orta asyrlardan galan Änew şäherinde ata-babalarymyzyň XV asyryň ortalarynda bina eden täsin metjidiniň harabalygy saklanyp galypdyr» diýmek bilen, bu gadymy şäheriň taryhyna degişli gymmatly maglumatlary beýan edýär.

Binagärlik jähetden, Seýit Jemaleddin metjidi ýadygärlikler toplumyny emele getirip, ol metjitden, onuň öňündäki binadan hem-de beýik gümmezli iki ymaratdan ybarat bolupdyr. Bu çylşyrymly desga metjidiň, kümmediň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir. Metjit birnäçe otagdan ybarat bolup, onuň merkezinde üsti gümmezli inedördül otag ýerleşipdir.

Umuman, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilmegi bu şähere özüniň baý taryhyny, medeni mirasyny, syýahatçylyk kuwwatyny açyp görkezmäge giň mümkinçilik berer. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlyga täze itergi berip, türki dünýäsiniň medeniýetiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.

Batyrgeldi Rejepgeldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1579
0